Türkmenistan ýapon kompaniýasyndan täze ýer gazyjy tehnikalary satyn aldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-23

Türkmenistan «Komatsu» tehnikalarynyň ýene-de 400 sanysyny satyn alar. Ýakynda olaryň ilkinji tapgyry ýurda getirilip başlandy.

Tehnikalar Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşyga laýyklykda getirilýär.

Nobatdaky tapgyrda gelip gowşan ekskawatorlar ýokary amatlyklara eýedir. Döwrebap enjamlar ornaşdyrylan täze ekskawatorlar sowadyş we ýyladyş ulgamlarynyň bolmagy, şeýle-de ýörite monitor arkaly dolandyrylýandygy bilen tapawutlanýar.

Ekskawatoryň kuwwatlylygy 168 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda, ortaça, 109 kub metre barabardyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasynyň arasyndaky degişli Ylalaşyga laýyklykda, täze taryhy döwürde ýurduň suw hojalygy pudagy üçin «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň 200-siniň, şol sanda 167 ekskawatoryň, 33 buldozeriň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagy bellenildi. Dünýä belli bu ýapon kompaniýasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Türkmenistanyň suw hojalygy pudagyny kämilleşdirmekde, ýurduň ähli welaýatlarynda täze gidrotehniki desgalaryň, şol sanda suw howdanlarynyň gurulmagynda hem-de olaryň bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmekde Ýaponiýanyň «Komatsu» kysymly tehnikalarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kysymly tehnikalar Türkmenistanyň suw hojalyk desgalarynda öz ygtybarlylygyny görkezip, netijeli we ýokary öndürijilikli peýdalanylýar.

Soňky Täzelikler