Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherinde iş maslahatyny geçirdi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-25

2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Arkadag şäheriniň çäginde hormatly Arkadagymyzy Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew garşyladylar we alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada habar berdiler. 

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow merkeziň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny hem-de olaryň ýerleşdiriljek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.

Geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň çäklerinde täze merkezde gurulýan ululy-kiçili önümçilik kärhanalary, şol sanda, gaýtadan işleýän önümçilikler, şeýle-de şäheriň häzirki zaman talaplara, aýratyn-da «akylly şäher» konsepsiýasyna kybap gelýän aýratynlyklary maslahatlaşyldy.

Degişli ýolbaşçylar hormatly Arkadagymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlap, täze «Dowam bolsun!» atly goşgusy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Gahryman Arkadagymyz iş saparynyň dowamynda Arkadag diýlip atlandyrylan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna ak pata berdi.

Soňky Täzelikler