Türkmenistanda jemgyýetçilik ulaglarynyň Täze ýyl günlerinde gatnaw tertibi belli boldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-26

Türkmenistanda jemgyýetçilik awtobuslary ýurduň ähli welaýatlarynda 2022-nji ýylyň 31-nji dekabry sagat 06:00-dan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary sagat 02:00-a çenli gatnawy amala aşyrar. Bu ýolagçy gatnawlary Aşgabat, Mary, Türkmenabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde şäheriçi, şeýle-de Aşgabat şäherinden Gökdepe we Änew şäherlerine şäherýaka ugurlar boýunça hereket edýän awtobuslara degişli bolup durýar.

Täze ýyl günlerinde ýolagçylaryň 0655 gysga belgä jaň etmek ýa-da onlaýn taksi hyzmatyndan peýdalanmak arkaly Aşgabat şäherinde taksi ulaglaryny sargyt etmek mümkinçiligini hem aýratyn bellemek bolar.


Soňky Täzelikler