Paýtagtymyzda «Parahat — Aşgabat söwda merkezi» ugry boýunça awtobus gatnawy açyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 26-njy dekabrdan başlap, «Parahat — Aşgabat söwda merkezi» täze gatnaw ugrunyň açylandygyny mälim etdi.
114-nji belgili täze «Parahat — Aşgabat söwda merkezi» awtobus gatnaw ugry «Parahat» belleniş nokadyndan ugur alyp, A.Garlyýew köçesi — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — B.Annanow köçesi — Ý.Emre köçesi — Ankara köçesi — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — Bitarap Türkmenistan şaýoly — Galkynyş köçesi —Görogly köçesi — A.Nyýazow şaýoly — Seýdi köçesi — Tähran köçesi ýaly ugur boýunça hereket edip, «Aşgabat söwda merkezine» çenli barýar hem-de yzyna Mollanepes köçesi — H.Derýaýew köçesi — Görogly köçesi — A.Nowaýy köçesi — Galkynyş köçesi — Bitarap Türkmenistan şaýoly — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — N.Andalyp köçesi — Arçabil şaýoly — Ankara köçesi — Ý.Emre köçesi — B.Annanow köçesi — 10 ýyl Abadançylyk köçesi — A.Garlyýew köçesi ugry bilen hereket edip, «Parahat» belleniş nokadyna gelýär.
Ýeri gelende, awtobus gatnawlarynyň yzygiderliligini we gatnawyny onlaýn yzarlamak üçin «Duralga» ykjam goşundysynyň işlenilip taýýarlanandygyny bellemek bolar.