Bakuwda Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň Halkara multimodal gatnaw ugry barada pikir alşyldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-09

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa Halkara multimodal gatnaw ugrunyň demir ýol operatorlarynyň duşuşygy geçirildi diýip, «Azerbaýjan demir ýollary» ÝGPJ-niň golçur kärhanasy bolan «ADY Container» kärhanasyna salgylanyp, Trend habarlar saýty ýazýar.

Gündogar — Günbatar ulag geçelgesiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga bagyşlanan bu duşuşykda «Azerbaýjan demir ýollarynyň» başlygynyň orunbasary Igbal Guseýnow gatnaşyjy ýurtlaryň demir ýol dolandyryjylarynyň bu ýoluň ähmiýetini ýokarlandyrmak ugrundaky bilelikdäki hyzmatdaşlygy barada belledi. «Gatnaw ugruna ýükleri çekmek, şeýle-de ýüze çykýan meseleleriň dessin çözgüdini tapmak üçin tagallalary birleşdirmek gerek» -diýip, Guseýnow nygtady.

Duşuşygyň dowamynda şeýle-de Hytaýyň Kaşgar şäherinden Ýewropa aralygyna gatnaşyjy 6 ýurduň demir ýol operatorlarynyň işi esasynda demir ýol arkaly konteýner ýük gatnawy boýunça sürüjili taslama maslahatlaşyldy. Bu babatda ulag geçelgesi boýunça ýük gatnawlarynyň netijeliligini artdyrmaga itergi berjek hem-de amallaryň optimizlenmegini üpjün etjek sanly platformanyň synag görnüşi taýýarlanyldy. Bu ugurda ýöriteleşen UNISER ýük kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan sanly platformanyň synag işlerine girişilýär diýip, Guseýnow aýtdy. Mundan başga-da, duşuşykda ýük gatnaw ugry baradaky maglumatlary özünde jemleýän web saýt barada durlup geçildi.

Аziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe — Ýewropa Halkara multimodal gatnaw ugrunyň «Azerbaýjan demir ýollary» ÝGPJ-niň hem-de degişli ýurtlaryň demir ýol edaralarynyň gatnaşmagynda 2019-njy ýylda döredilendigini bellemek gerek.

Soňky Täzelikler