Türkmenistanda ilat ýazuwy geçirildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-12-28

Türkmenistanda «Ilat ýazuwy ― Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» şygary bilen geçilen ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy tamamlandy. Bu çäre 17 ― 27-nji dekabr aralygynda geçirildi.

Şu gezekki ilat ýazuwy sanly tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy bilen geçirildi.

Ilat ýazuwyny taýýarlamak we geçirmek işinde Türkmenistan BMG, ÝUNFPA we beýleki halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etdi.

ÝUNFPA-nyň belleýşi ýaly, raýatlar tarapyndan berilýän maglumatlar Döwlet statistika komiteti tarapyndan diňe statistik maksatlar üçin ulanylar.

Planşetlerde alnan maglumatlar şifrlener we gaýtadan işlenenden soň ministrliklere, ýolbaşçylara, ylmy we işewür toparlara we beýlekilere umumylaşdyrylan görnüşde hödürlener.


Soňky Täzelikler