1-nji ýanwardan Gümrük gullugynda täze möhür güýje girer

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Belgili şahsy möhüriniň täze nusgasynyň güýje girýär.
Gullugyň başlygynyň bu babatdaky degişli buýrugy şu ýylyň 7-nji dekabrynda çykdy ― diýip, TDGG-nyň resmi saýty habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, görkezilen seneden başlap, özge möhür bilen resmileşdirilen gümrük resminamalary güýjüni ýitiren hasap edilýär.