Türkmenistan Russiýa ― Hindistan ýük otlusyny üstünden geçirer

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-03

Türkmenistan Russiýadan gelýän kagyz önümleri ýüklenenen konteýner otlusyny öz üstünden Hindistana geçirer. Bu barada Russiýanyň «RŽD Logistika» ulag kompaniýasy habar berdi.

Habarda şeýle ýükli otlynyň bu ugur boýunça 2022-nji ýylda ilkinji gezek geçýändigi bellenilýär. Konteýner otlusy «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça ýola düşdi. 

Üsti gazet kagyzly 53 40 futluk konteýnerleri daşamak üçin «RŽD Biznes Aktiw» konteýner operatorynyň eýeçiligindäki 32 80 metrlik platformalaryndan peýdalanyldy.

Otly Russiýanyň Oktýabrskaýa demir ýolunyň Nigozero stansiýasyndan ýola düşdi we «Demirgazyk—Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň çäklerinden geçip, Hindistanyň Çennaý portuna çenli dowam etdirer.


Soňky Täzelikler