Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň söwda gatnaşygy güýjeýär

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-05

«Balkan» ýük gämisi şu aýdan başlap, Türkmenbaşy — Baku — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük konteýnerlerini daşamak üçin ulanylar. Bu gämi Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişlidir.

Wzglyad.az saýty Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda ýylda 400 000 konteýneri üstaşyr geçirmek üçin ähli şertleriň döredilendigini ýazdy.

Şunuň bilen baglylykda, deňiz terminaly sagatda 15 konteýnere hyzmat etmäge ukyply STS görnüşli kranlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle-de konteýner eýelerine amatly şertleri döretmek maksady bilen, terminalda konteýnerleriň mugt saklanyş möhleti 60 güne çenli uzaldyldy.

Halkara ýükleri konteýnerleriň üsti bilen daşamak nyrh we wagt babatda amatly bolup durýar.


Soňky Täzelikler