Pekinde türkmen-hytaý gepleşikleri geçiriler

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-06

5-nji ýanwarda Pekin şäheriniň «Şoudu» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gadyrly garşylandy. 

Türkmen Lideri dostlukly döwletde döwlet saparynda bolýar.

Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň Halkara Halkara howa menzilinde ýurduň resmi adamlary, şeýle hem HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen ugratdylar.

Hytaýyň paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy bolar.

Ýokary derejede geçiriljek türkmen-hytaý gepleşikleriniň çäklerinde söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde Pekin şäherinde ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň ähmiýeti barada aýdyp, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.



Soňky Täzelikler