Türkmenistanda ýene iki ugra awtobus gatnawlary açyldy

9-njy ýanwardan Aşgabatdan Sarahsa we Arçmana awtobuslar gatnap başlar. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi öz resmi saýtynda habar berdi.
«Aşgabat ― Sarahs ― Aşgabat» aralygynda gatnaýan awtobus her gün sagat 9:30-da Aşgabatdan Sarahsa, 7:00-da bolsa Sarahsdan Aşgabada ýola düşer.
Paýtagty Arçman bilen baglajak awtobuslar her gün iki gezek hereket eder. Olaryň ilkinjisi Aşgabatdan irden 7:00-da, ikinjisi bolsa 12:30-de ýola düşer.
Arçmandan awtobus ir bilen 9:30, soňra 15:20-de ýola düşer.
Ýüze çykan sowallar bilen 082 belgisine jaň edip habarlaşyp bolar.