Türkmenistan we Hytaý halkara ulag-logistika taslamalaryndaky hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-07

«Iki ýurduň arasynda ýollary birleşdirmekde we serhetüsti ulaglar ulgamynda hyzmatdaşlyga ýardam bermegiň zerurdygyny nygtadylar, Hytaý — Gyrgyzystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol konteýner otlularynyň gatnawlarynyň hem-de Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan halkara multimodal gatnatmalarynyň sanyny we möçberini artdyrmagy, CAREC, OSJD-niň hem-de beýleki köptaraplaýyn gurallaryň çäklerinde gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy dowam etdirerler» diýlip, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasynda ýazylýar. 

Bu Beýannama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň HHR-a döwlet saparynyň çäginde gol çekildi.

«Hytaý tarapy ulag üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygyny çaltlandyrmakda we häzirki zaman ulag-logistika ulgamyny döretmekde Türkmenistana ýardam bermäge taýýardygyny beýan edýär» diýlip Beýannamada aýratyn ýazylýar.

Resminamada ýazylyşy ýaly, taraplar üpjünçilik ulgamlarynyň özara baglanyşygynyň Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň arasynda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze ösüş nokady bolup durýandygyny belleýärler. Şunuň bilen baglylykda, halkara awtomobil ulagy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmagy çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler. 


Soňky Täzelikler