Hytaý kompaniýasy Türkmenistana umumy bahasy 30 million dollarlyk bolan teplowozlary ugradar

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-09

Eýýäm ençeme ýyllardan bäri Türkmenistany demir ýol ulaglary bilen üpjün edip gelýän Hytaýyň CRRC Ziyang kompaniýasy ýakyn geljekde Türkmenistana ýene-de umumy bahasy 30 million amerikan dollaryna barabar bolan teplowozlary we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny ugradar.

Bu baradaky degişli şertnama taraplar ýakynda onlaýn görnüşde gol çekildiler diýip, kompaniýa özüniň Twitterdäki hasaby arkaly habar berdi.

Habarda bu şertnamanyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň 31 ýylynyň dowamynda iň iri şertnamalaryň biridigi aýratyn nygtalýar.


Soňky Täzelikler