Türkmenbaşy hem-de Astrahan portlarynyň arasyndaky gämi gatnawlarynyň geljegi maslahatlaşyldy

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-11

Öňümizdäki hepdede geçiriljek türkmen-rus işewürlik forumynyň bosagasynda Astrahan sebitiniň daşary gatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýewiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Astrahanyň «АБН-Астрахань» informasion web saýty sahypalarynda beýan etdi.

Taraplaryň geçiren duşuşygynyň esasy mowzugy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we onuň geljegini maslahatlaşmak bilen bagly boldy. Onuň barşynda Astrahan sebitiniň we Türkmenistanyň ösüşinde «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ýokary ähmiýete eýedigi barada aýratyn durlup geçildi.

Täze 2023-nji ýylda Astrahan sebitiniň portlary bilen Türkmenbaşy portunyň arasynda yzygiderli ulag gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle hem sebitde Türkmenistanyň logistika merkezini gurmak meselelerini öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-rus işewürlik forumynyň aýratyn ähmiýeti bolar. Bellenilişi ýaly, bu babatda konsul Nury Gölliýew hem bu möhüm halkara çäresine taýýarlyk görmekde kömek berjekdigini nygtady.


Soňky Täzelikler