Soçi — Aleksandriýa ugry boýunça kruiz gämi gatnawy ýola goýlar

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-12

Soçiden (Russiýa) Aleksandriýa (Müsür) aralygyna täze kruiz gämi gatnawy ýola goýlar. Bu habar «Astoria Grande» kruiz laýneriniň resmi web saýtynda ýerleşdirildi. 

Belläp geçsek, bu ugur boýunça iki hepdeläp dowam edýän syýahat Soçi (RF) — Stambul (Türkiýe) — Kuşadasy (Türkiýe) — Aleksandriýa (Müsür) — Izmir (Türkiýe) — Amasra (Türkiýe) — Soçi (RF) gatnaw ugry boýunça hereket edýär. Bu syýahatlar 2023-nji ýylyň 8-nji aprelinde we 11-nji noýabrynda meýilleşdirilýär.

Ýöne häzirki wagtda bu syýahatlar üçin syýahat ornuny sargyt edip bolmaýar. Şunuň bilen baglylykda, web saýtda diňe habarnamalar üçin elektron poçta salgysyny goýmak mümkindir.

Dünýäniň iň bir iri deňiz syýahatçylygyny guraýan «Astoria Grande» ýolagçy laýneri 2022-nji ýylyň iýul aýyndan bäri Soçiden Türkiýä yzygiderli syýahatçylyk gatnawlaryny alyp barýar.


Soňky Täzelikler