Ýurdumyzda çagalara niýetlenen kiçi welosipedleri öndürmek meýilleşdirilýär

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-13

Uly islege eýe bolan özboluşly önümleri bilen türkmen bazarynda üstünlikli iş alyp barýan «Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýeti çaga welosipedjiklerini hem-de polipropilenden oturgyçlaryň önümçiligini ýola goýmagy göz öňüne tutýar diýlip, TSTB-niň resmi saýtynda ýazylýar.

«Türkmen şöhle» HJ plastik önümleriň önümçiligi bilen tanalýar. Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýär. Kärhanada häzirki wagta çenli plastmassadan öý hojalyk harytlarynyň, çaga oýnawaçlarynyň dürli görnüşleri öndürilýär. Täze welosipedler bolsa 3-5 ýaşyndaky çagalar üçin niýetlener. Olar «Şöhle plastik» haryt nyşany bilen öndüriler. 

Kärhananyň ýurdumyzda ilkinji bolup laminatyň düşeginiň önümçiligini hem ýola goýandygyny, şeýle-de onuň önümlerine halkara bazarynda uly isleg bildirilýändigini nygtamak zerur.


Soňky Täzelikler