TNGIZT-de awiabenziniň täze görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-16

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýene bir täze önümçilige badalga berildi. Ol B-92 kysymly awiabenzindir.

Türkmenistanyň Hökümetiniň geçen anna gününde geçirile mejlisinde hem habar berlişi ýaly, täze önüm ozal daşary döwletlerden getirilen şeýle maksatly ýangynyň öwezini doly tutýar.

Wise-premýer Ş.Abdyrahmanowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan bilelikde önümiň bu görnüşini öndürmek boýunça tehniki şertler işlenip taýýarlanyldy we degişli işler ýerine ýetirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm ugurda geçirilýän işleriň wajypdygyny belledi hem-de milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri hökmünde ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.



Soňky Täzelikler