Türkmenistan BMG bilen ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-19

Türkmenistan 2-nji fewralda Türki döwletleriň guramasy, IRU we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy tarapyndan geçiriljek sebitde CMR konwensiýasy we e-CMR ulgamy boýunça wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly seminara gatnaşar. Çünki ýakynda türkmen döwleti BMG-nyň e-CMR ulgamyna goşuldy.

Bu ulgam kagyz serişdelerini ulanmazdan ýük daşamalaryny amala aşyrmaga we olaryň deňize çykalgasy bolmadyk ýurtlardan deňize çykalgasy bolan ýurtlara daşalmagyny güýçlendirmäge ýardam edýär. Ulgama Türkmenistan bilen birlikde Azerbaýjan hem goşuldy.

Şeýlelikde, 2008-nji ýyldan bäri Birleşen Milletler Guramasynyň ýük daşamak boýunça konwensiýasyny (CMR konwensiýasy) goldan döwletleriň sany 34-e ýetdi.

e-CMR teswirnamasy Gündogar-günbatar we demirgazyk-günorta söwdanyň merkezinde ýerleşýän Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň söwda we aragatnaşygynyň ösmegine, harytlaryň daşalmagyny sanly ulgama geçirilmegine ýardam berer.

Şeýle hem e-CMR teswirnamasy gaýtadan işlemek çykdajylaryny peseltmäge, administratiw we töleg gijikdirmelerini aradan aýyrmaga, ýükleriň gowşuryş ýerlerindäki ýüze çykýan meseleleri azaltmaga, logistika zynjyryndaky aýanlygy we howpsuzlygy ýokarlandyrmaga hem-de ýük daşamalaryny yzarlamak üçin has takyk maglumatlary almaga mümkinçilikleri berer.

Ulag kompaniýalary e-CMR teswirnamasy arkaly aňsatlyk bilen beýleki sanly ulgam hyzmatlaryna birigip bilerler.

Bu sebitdäki üstaşyr merkez bolan Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň e-CMR ulgamyna goşulmagy bu üýtgeýän ugurlar boýunça harytlaryň akymyny we üstaşyr geçişini netijeli dolandyrmaga ýardam eder.

Soňky Täzelikler