Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny alamatlandyrýan ýazgylar paýtagtyň şäheriçi awtobuslaryny bezedi

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-20

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny ýaýbaňlandyrýan ýazgylar şu günki günlerden Aşgabadyň jemgyýetçilik awtobuslarynda beýanyny tapdy.

Awtobuslaryň gyralarynda ýazylan jümleler il-ýurt ähmiýetli maslahaty wagyz edip, «Döwletliniň ugran işi oň bolar!», şeýle hem «Döwletli maslahat oň bolsun!» diýen ýaly joşgunly sözleri özünde jemleýär.


Soňky Täzelikler