Ýurdumyzda «KamAZ» elektrobuslary synag edilýär

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-20

Tatarystan Respublikasynyň «KamAZ» kompaniýasynyň baş müdiri Sergeý Kogogin Türkmenistanyň howa şertlerinde synag etmek üçin iki sany elektrik awtobusynyň we has çalt zarýad beriş stansiýasynyň getirilendigini habar berdi. Hyzmatdaş wekil bu barada Aşgabatda geçirilen Türkmen-rus işewürlik maslahatynda aýdyp geçdi.

«Türkmenistanyň howasynda enjamlary barlamak üçin iki sany «KamAZ» elektrik awtobusy we aşa çalt zarýad beriş stansiýasy getirildi. Bu döwrebap enjamlar Ahal welaýat häkimligine, «Türkmenawtoulaglary» agentligine we Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyna hödürlendi» – diýip, Kogogin nygtady.

Kogoginiň belleýşi ýaly, 1982 awtoulag bilen üpjün etmek baradaky esasy şertnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi gülläp ösýän hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Sergeý Kogoginiň sözlerinden görnüşi ýaly, üstümizdäki ýylda «KamAZ» kompaniýasy ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda hem hyzmat ediş merkezini açmagy maksat edinýär.


Soňky Täzelikler