Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Milli Lider derejesi berildi

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-24

Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek «Türkmen halkynyň Milli Lideri» derejesi kanun arkaly döredildi. Degişli Kanun 21-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen Milli Geňeşiň we ýurduň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda kabul edildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip ykrar edildi. 

Maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

Konstitusion kanuna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar. Şeýle-de Milli Lidere onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan amala aşyrylar.


Soňky Täzelikler