Aşgabatda Owganystana elektrik energiýasyny bermek boýunça şertnamanyň möhletini uzaltmak boýunça ylalaşyga gol çekildi

hope-Blog
Täzelikler - 2023-01-25

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabr aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektrik energiýasyny bermek we kabul etmek boýunça şertnamanyň möhleti ýene bir ýyl uzaldyldy.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletlerini uzaltmak hem-de iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini we bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu Karardan ugur alyp, Aşgabatda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy we Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) milli elektrik kompaniýasy 2023-nji ýylda türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligi baradaky şertnamanyň möhletini uzaldýan ylalaşyga gol çekdiler.

TASS-yň Owganystanyň Suw we energiýa üpjünçiligi ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, ylalaşyga «Türkmenenergo»-nyň başlygy we DABS-nyň baş müdiri gol çekdi.

Türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurda ýeňillikli bahalar bilen berilýär, bu bolsa demirgazyk welaýatlarynyň, günbatar we demirgazyk-günbatar sebitleriň hemmesini, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap welaýatlaryny, şeýle hem Mazar-y-Şerif, Şybyrgan we beýlekileri öz içine alýar.

Soňky Täzelikler