Ulag ulgamynyň ösüşine bagyşlanan halkara forum öz işine başlady

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-15

Şu gün Hazaryň kenarynda ýerleşýän «Awaza» kongresler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady diýip, «Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda beýan edilýär.

Ulag ulgamynyň şu günki ösüş ugruna bagyşlanyp guralýan forum «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» mowzugynda geçýär. Foruma gatnaşyjylar «Awaza» kongresler merkezinde guralan elektron görnüşli ulag sergisine aýlanyp gördüler.

Elektron neşirde bellenilişi ýaly, maslahatyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşiginiň belent münberinden öňe sürlen teklipleriň, kabul edilen Kararnamalaryň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuna aýratyn ünsi çekdi we Türkmenistanyň bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde, maslahata gatnaşyjylar Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýollan ýüzlenmesini diňlediler.

Halkara maslahatda dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän wekiller pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag ulgamynyň ornuny giňden ara alyp maslahatlaşar.


Soňky Täzelikler