Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça Rezolýusiýany işläp taýýarlamak nazarda tutulýar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-15

2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän döwletleriň ulag ministrleriniň derejesinde geçirilýän Halkara maslahata gatnaşyjylara wideoýüzlenmesinde ýurtlaryň global ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ornuny ýokarlandyrmak bilen baglylykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmek bilen bu döwletleriň dünýä derejesinde ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we pugtalandyrmakda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny, bu babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Rezolýusiýasyny taýýarlamagyň möhümdigini nygtap geçdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan ähli konstruktiw teklipler we maslahatlar üçin açyk bolan degişli resminamany işläp taýýarlamaga girişip biler.

Soňky Täzelikler