ÝÖB-niň Almaty howa menzilini ösdürmekdäki taslamasy ýylyň geleşigi diýlip yglan edildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-16

Ýewraziýa ösüş bankynyň Almaty halkara howa menzilini abadanlaşdyrmak we giňeltmek babatdaky ýardam eden maddy serişde üpjünçiligi geçen ýylyň netijeleri boýunça IJ Global Awards tarapyndan ýylyň geleşigi (DFI Deal of the Year) hökmünde yglan edildi. Bu ugurda bankyň maliýeleşdirmesiniň mukdary 40 million ABŞ dollaryna barabar boldy diýip, bankyň metbugat gullugy habar berýär.

ÝÖB geçen ýylyň sentýabr aýynda Almaty howa menziliniň durkuny äzelemek we ony ösdürmek boýunça karzdarlaryň hatarynda onuň maliýeleşdirilmeginiň toparyna goşuldy.

Gazanylan baýrak şu hili işleri durmuşa geçirmegiň örän wajypdygyny ýene bir gezek mälim etdi. Almaty howa menziliniň kämilleşdirilmegi şäher üçin, respublikanyň howa ulaglary pudagy hem-de Merkezi Aziýa sebiti üçin strategik mana eýedir. Ulag-üstaşyr geçelgesiniň kuwwatyny ýokarlandyrmak, logistika mümkinçiliklerini gowulandyrmak we ugurlary giňeltmek Ýewraziýanyň ulag çarçuwasynyň ösmegine, şeýle-de ýurduň durnukly ykdysady ösüşine goşant goşýar. Mundan başga-da, taslama sosial taýdan ýokary netije berjek täze iş orunlarynyň döredilmegine-de mümkinçilik berer – diýip, Ýewraziýa ösüş bankynyň Dolandyryşynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Ruslan Dalenow belleýär.

Bu halkara howa menziliniň infrastrukturasyny kämilleşdirmek işlerinde ýakyn geljek üçin howa menziliniň iş düzümini döwrebaplaşdyrmak we geçirijiligini we gatnawlaryň sanyny ýokarlandyrmak üçin täze terminal gurmak, gatnaw torlaryny giňeltmek hem-de müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

Soňky Täzelikler