Türkmen-özbek hyzmatdaşlygy esasynda özbegistanly sürüjileriň türkmen wizasy ýönekeý tertipde resmileşdiriler

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-17

Munuň bilen baglylykda, Türkmenistan, Eýran we Özbegistan döwletleriniň arasynda halkara ýük daşamalaryny ýönekeýleşdirmek babatda şertnama baglaşylandygy barada Özbegistanyň Ulag ministrligine salgylanyp Mir 24-iň ýetirýän habarynda bellenilýär.

Degişli şertnama 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, Özbegistanyň Ulag ministri Ilham Mahkamowyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Said Rustam Kasiminiň arasynda baglaşyldy.

Halkara ýük daşamalarynyň özara meseleleri babatda taraplar daşaýjy awtoulaglar üçin tölegleri azaltmak hem-de Özbegistan — Türkmenistan — Eýran gatnaw ugry boýunça Türkiýä intermodal gatnawy guramak dogrusynda ylalaşyklary gazandylar. Şeýle-de indi özbegistanly sürüjileriň ýönekeý tertipde türkmen wizasyny alyp biljekdigi barada hem aýratyn bellenilip geçildi.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleri Çabahar portundan Özbegistana, şeýle-de Özbegistandan Hytaý — Ýewropa gatnaw ugry bilen awtoulag ýük gatnawlaryny guramak barada şertnama baglaşdylar.


Soňky Täzelikler