Gazagystan türkmen serhedine uzaýan ýoluň gurluşygyna 160 million dollar harçlar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-19

Balkan welaýatynda, has takygy Garabogaz köl aýlagynyň çäginden geçýän Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň aralygynda awtomobil ulag gatnaw ugruny döretjek täze ýoluň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu awtomobil ýol köprüsiniň gurulmagy Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň şahasy bolup hyzmat eder.

Gazagystanyň senagat we infrastruktura ösüşi boýunça ministrligi bu ýoluň Gazagystanyň çägindäki uzaklygynyň 156 kilometre deň boljakdygyny habar bermek bilen, häzirki wagtda onuň gurluşygynyň we abatlaýyş işleriniň geçirilýändigini belleýär. «Bu gatnaw ugry respublikanyň çäginde Žetybaý — Žanaozen — Fetisowo — Türkmenistanyň serhedi ugry boýunça geçýär» diýip, Gazagystanyň senagat we infrastruktura ösüşi boýunça ministrligine salgylanyp, Ism.kz saýty habar berýär.

Gazak hünärmenleriniň bellemegine görä, häzirki wagtda bu ýoluň käbir ýerleri taýýarlanyldy we onuň ýene-de 156 kilometr bölegini abatlamak zerur bolup, onuň bahasy 78 milliard tenge (160 million ABŞ dollary töweregi) deň bolup durýar.

Çeşmede habar berilmegine görä, Gazagystanyň çäginden geçýän awtoulag ýolunyň gurluşygyna esasy taslamalaryň tamamlanmagy bilen badalga berler.


Soňky Täzelikler