Türkmenistanyň DIM-i Halkara ulag maslahatyna bagyşlap brifing geçirdi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-18

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Berkarar» myhmanhanasynda 17-nji awgustda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň netijelerine we onda kabul edilen çözgütlere bagyşlanyp brifing geçirildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan brifinge ýurduň birnäçe degişli edaralarynyň agzalary, şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatda ulag gatnawlaryndaky işjeň hyzmatdaşlyk, bu ugurda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň mümkinçiliklerini açmak babatda zerur meseleler maslahatlaşyldy we derwaýys çözgütler meýilleşdirildi.

Brifingiň mazmunynda häzirki wagtda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda açyljak 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Awazada kabul edilen Jemleýji Beýannamany taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada bellenilip geçildi. 

Ýeri gelende bellesek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda geçirildi. «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» diýen mowzukda geçirilen maslahat BMG-niň howandarlygynda guraldy.

Soňky Täzelikler