AUHB — Türkmenistan: Halkara ýük gatnawlarynda hyzmatdaşlyk ösýär

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (AUHB) halkara ulag ýük gatnawlary pudagynda Türkmenistan bilen mynasyp dowam etdirilýän hyzmatdaşlygyny has-da ösdürýär. Bu barada «Trend» habarlar agentliginiň AUHB salgylanyp ýetirýän habarynda beýan edilýär.
AUHB-niň hünärmenleri Türkmenistan bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada: «Bu günki günde AUHB bilen Türkmenistan halkara derejesinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy esasynda we AUHB-niň goldamagy bilen Birleşen Milletler Guramasy 2014 — 2017-nji ýyllarda Durnukly ulag ulgamy boýunça üç sany rezolýusiýany kabul etdi» – diýip, belläp geçýärler.
Ýeri gelende Türkmenistan bilen AUHB-niň eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri, has anygy Türkmenistanyň 1996-njy ýylda Halkara ýol ýük daşamalary Konwensiýasyna goşulan döwründen bäri hyzmatdaşlygy kämilleşdirip gelýändigini aýtmak gerek.
Türkmenistanyň bu rezolýusiýalaryň durmuşa geçirilmeginde, aýratyn-da Owganystan, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe ýaly ýurtlary birleşdirýän «Lazurit» geçelgesiniň netijeliliginiň ýokarlanmagynda esasy hyzmaty ýerine ýetirýändigini guramanyň hünärmenleri uly kanagatlanma bilen belleýärler.