«Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesi: Astrahan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk tagallalary artýar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-22

Golaýda, has takygy 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirildi. Onuň yzysüre maslahatyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen brifingde bolsa Türkmenistanyň «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesine işjeň goşulyşýandygy barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynda nygtady.

Türkmenistanyň bu geçelgäniň işine goşulmagy babatda wise-premýer Türkmenistanyň russiýaly hyzmatdaşlar bilen demir ýol, awtomobil, howa ulaglary, deňiz ulaglary we beýleki ulaglarda hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini, bu ugurda taraplaryň (Russiýa, Eýran we Hindistan) «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň çäklerinde giň mümkinçilikleriniň açylýandygyny belläp geçdi.

Bellenilişi ýaly, üstümizdäki hepdede Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Astrahan oblastyna sapary amala aşyrar. Onda iki tarapyň wekilleri ulag hem-de logistika pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar.


Soňky Täzelikler