Hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny ýollady

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-23
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Gaziantep we Mardin welaýatlarynda ýol-ulag heläkçilikleriniň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýede ýol-ulag heläkçiligi zerarly ejir çekenlere şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan, gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Soňky Täzelikler