Ulag we kommunikasiýa toplumynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş derejesi 12,7% ýokarlandy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-24

Türkmenistanyň ulag we kommunikasiýa toplumynda 2022-nji ýylyň birinji ýarymy boýunça meýilnamalaýyn işleriň, şeýle-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş derejesi 112,7%-e deň boldy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde hasabat berdi diýip, TDH beýan edýär.

Habarlar gullugynyň ýetirýän habarynda bellenilişi ýaly, degişli hasabat döwründe bu toplum boýunça awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 11,2 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 9,2 göterim ýokary derejede ýerine ýetirildi.

Şu ýanwar — iýul aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 111,2 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 133,5 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 113,7 göterime deň bolup, şeýle-de «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler boýunça 120 göterim, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça bolsa 107,5 göterim netije gazanyldy.

Soňky Täzelikler