Dünýäniň iň kuwwatly sedany tanyşdyryldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-26

Amerikaly elektrikleşdirilen awtoulag öndürijisi «Lucid Motors» özüniň atly «Air» kysymly sedanynyň «Sapphire» atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Konstuktorlaryň bellemegine görä, ol dünýädäki ilkinji we iň güýçli lýuks supersport elektrikleşdirilen sedandyr. «Air Sapphire» awtoulagynyň güýç berýän gurluşy üç sany elektrik hereketlendirijisinden ybaratdyr we ol 1200 at güýjüne deň kuwwatlylygy öndürýär. Duran ýerinden 60 mil/sagada (96,6 km/sag) 2 sekuntdan hem az wagtda çykýar, tizligini 100 mil/sagada (161 km/sag) ýetirmek üçin bolsa 4 sekuntdanam az wagt ýeterlikdir.

«trend.az» neşiriniň habar bermegine görä, «Air Sapphire» awtoulagynyň tehniki aýratynlyklarynyň biri hem öwrümlerde ýa-da göni ýolda durnuklylygy üpjün etmek üçin yzky tigirleri aýlanyp duran pursaty ters tarapa geçirmek mümkinçiligidir.

Şeýle hem täze ulag karbon-keramiki duruzyjylar (tormozlar), aerodinamiki paket, täze sport oturgyçlary we ýaryş meýdançasy üçin düzülen asma enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu görnüşiň dowamly önümçiliginiň 2023-nji ýylyň başynda başlamagyna we «Lucid Air» sedanynyň täze görnüşiniň bahasynyň azyndan $249 müň dollar bolmagyna garaşylýar.


Soňky Täzelikler