Şumaheriň ýaryş awtoulagy bäsleşikli söwdada $6 mln dollara satyldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-27

Ady rowaýata öwrülen awtomobil ýaryşçysy Maýkl Şumaheriň dolandyran we «Formula 1-iň» taryhyndaky iň çalt bolid (ýaryş awtoulagy) bäsleşikli söwdada (auksionda) 6 million 200 müň dollara satyldy. «Formula 1-iň» taryhynda iň üstünlikli diýlip atlandyrylýan «Ferrari F-300» soňky ýaryşynda pellehanadan geçensoň ýaryşlardan alyndy we 24 ýyldan soň satuwa çykaryldy.

Auksion öýüniň wekili Maýkl Kaýmanonyň bellemegine görä, ol düýpli üýtgeşmeler bolmazdan dört ýaryşa gatnaşan we ýekeje gezek hem ýeňilmedik ýeke-täk «Formula 1» awtoulagydyr. «F-300-iň» täze eýesi biziň döwrümiziň iň çalt awtoulaglarynyň birini – sagatda 370 kilometr tizlige ýetýän ulaga, şeýle hem ýaryş awtoulagy üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň doly toplumyna eýe boldy diýip, «mir24» habar berýär.


Soňky Täzelikler