Ýurdumyzyň milli elektron kommunikasiýa ulgamy kämilleşdirilýär

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-27

2022-nji ýylyň 26-njy awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Milli elektron kommunikasiýa ulgamynyň we olary işläp taýýarlaýjylaryň meseleleri hakynda» Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

«Milli elektron kommunikasiýa ulgamynyň we olary işläp taýýarlaýjylaryň meseleleri hakynda» Kararyň kabul edilmegi Türkmenistanda dünýä tejribesiniň gazanan görkezijilerine laýyk gelýän milli elektron kommunikasiýa ulgamyny geljekde hem has döwrebaplaşdyrmaga hem-de ony giňden ulanmaga, olary işläp taýýarlaýjylar üçin zerur bolan şertleriň üpjün edilmegine, şonuň bilen birlikde hem bu ugurda sazlaşykly işleriň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Ol milli aragatnaşyk ulgamynyň häzirki zaman derejede özgermegine täsirini ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz bu Karara gol çekmek bilen, ony Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe iberdi we degişli resminamanyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.


Soňky Täzelikler