Aşgabatda iki köçäniň abatlanýandygy üçin ulaglaryň hereketi wagtlaýyn üýtgedildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-29

Aşgabat şäheriniň Görogly köçesi bilen Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda häzirki wagtda ýol gurluşyk işleri alnyp barylýar. Degişli köçelerde ýollaryň asfaltyny täzelemek boýunça işler geçirilýär.

Şu günki günlerde Görogly, Nurmuhammet Andalyp köçeleriniň, Bitaraplyk şaýolunyň, şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy, Magtymguly şaýollarynyň, Çary Nurymow köçesiniň belli ýerleri wagtlaýynça ýapyldy. Şunuň bilen baglylykda bolsa bejeriş we timarlaýyş işleriniň geçirilýändigi sebäpli şäheriň jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnaw ugurlary hem wagtlaýyn az-kem üýtgedildi. 

Belläp geçsek, häzirki günlerde ýolagçylar gatnaw ugurlaryny has anyk bilmek üçin şäheriçi awtobuslaryň hereketlerine «Duralga» onlaýn platformasy arkaly gözegçilik edip bilerler.


Soňky Täzelikler