«McLaren» kompaniýasy kompýuter oýnundaky meşhur sport awtoulagyny tanyş etdi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-31

Beýik Britaniýanyň «McLaren Automotive» kompaniýasy Gran Turismo atly kompýuter oýnunda McLaren Ultimate Vision Gran Turismo ady bilen belli bolan Solus GT kysymly sport awtoulagyny önümçilige goýberdi. Kompaniýa bu ulagyň taslamasyny bir orunlyk ýaryş awtoulagy görnüşinde döretdi.

Täze giperkar 840 at güýjüne barabar bolan 5,2 litrlik V10 atmosfera hereketlendirijisi bilen üpjün edildi diýip, 4pda.to saýty habar berýär. Wideooýundaky awtoulag bilen deňgörnüşli ulag duran ýerinden 2,5 sekunt wagtyň dowamynda 100km/sag tizlik derejesine ýetip bilýär, onuň iň ýokary tizligi bolsa 320 km/sag derejededir. Ilkibaşda bu ulag Gran Turismo oýny bilen bagly bolmadyk ýagdaýda 5 ýyl mundan ozal işlenip taýýarlanylypdy. 

Häzirlikçe McLaren Solus GT kysymly täze awtoulagyň tiražy 25 nusga deň bolup, onuň bahasy bolsa 3 million funt sterlingdir.


Soňky Täzelikler