Türkmenistanyň çäginden amala aşyrylýan ýük gatnawlarynyň mukdary artdyrylar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-08-31

Türkmenistanyň çägindäki demir ýollar hem-de Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty arkaly Merkezi Aziýa sebiti boýunça ýük daşamalarynyň umumy mukdaryny ýylda 400 müň konteýnere çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. 

Halkara ýük daşamalary babatda pandemiýadan soňky ýagdaýy has işjeňleşdirmek işine bu ugurda ozal Türkmenistanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň hem-de Gruziýanyň demir ýol edaralarynyň arasynda gol çekilen köptaraplaýyn Ylalaşyk ýokary derejede täsirini ýetirýär.

Ýeri gelende 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda amala aşyrylan ýük gatnawlarynyň 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iki esse artandygyny bellemek gerek. 

2022-nji ýylyň geçen sekiz aýynyň dowamynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty arkaly Azerbaýjan — Türkmenistan — Özbegistan gatnaw ugry boýunça 389 730 tonna ýük daşaldy. Özbegistan Respublikasyna iberilýän ýüküň mukdary 188% ýokarlandy. Şunuň bilen birlikde Azerbaýjana daşalan ýüküň mukdary hem ýokary derejede artdy.

Türkmenistan we Özbegistan boýunça ýükleri daşamagyň mukdary umumylykda dört esse netijeli boldy. Özbegistana amala aşyrylýan ýük gatnawlary Hytaýdan ugrap Gyrgyzystanyň üsti bilen daşalýar.

Ýük gatnaw ugurlarynyň geçirijiligini has-da gowulandyrmak we dürli hili ulag-logistika amallaryny ýeňilleşdirmek arkaly ýol wagtyny gysgaltmak üçin Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň demir ýol edaralary yzygiderli duşuşyklary we maslahatlary geçirýärler.

Soňky Täzelikler