«Suzuki» kompaniýasy «Toyota» bilen hyzmatdaşlykda täze elektrokar öndürmegi meýilleşdirýär

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-02

«Suzuki» hem-de «Toyota» ýaly Ýaponiýanyň iki sany iri awtoulag önümçilik kompaniýalary Hindistanyň bazary üçin bilelikdäki hyzmatdaşlygyň netijesinde işlenilip taýýarlanan elektrik gurluşly täze awtoulagy öndürmegi göz öňüne tutýarlar. 

«Trend» habarlar agentliginiň bellemegine görä, täze elektrokar 2025-nji ýylda ulanyşa goýberiler. Häzirki günde öndüriji hünärmenler geljekki kysym üçin esas bolup hyzmat etjek ykjam elektrik ulaglary üçin ýeke-täk platformany döretmegiň üstünde işleýärler.

Täze dörediljek elektrik awtoulag Hindistanyň «Tata Motors» kysymly elektrik awtoulaglary bilen bäsleşer diýlip garaşylýar. Edil şeýle maksat bilen hindi kompaniýasy Gujaratyň günbatar welaýatynyň Sanand şäherinde ýerleşýän «Ford India» zawodyny satyn almak arkaly elektrik ulagynyň önümçiligini ösdürmegi maksat edindi.

Bellesek, «Suzuki» kompaniýasy ýakyn geljekde Hindistanda elektrik ulaglaryny öndürmek üçin takmynan 150 milliard ýene (1,25 milliard dollar) barabar möçberde maýa goýmagy meýilleşdirýär.


Soňky Täzelikler