Türkmenistan bilen Eýranyň gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň arasynda iş duşuşygy geçirildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-03

2022-nji ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň serhedinde ýerleşýän «Artyk» (Türkmenistan) — «Lotfabad» (Eýran) barlag nokatlarynda Türkmenistan bilen Eýranyň gümrük gullugynyň ýolbaşçylarynyň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşykda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük Dolandyryşynyň prezidenti Alireza Mogadasi bilelikde «Artyk» we «Lotfabad» barlag nokatlaryna baryp gördüler we bu ýerlerde alnyp barylýan işleri bilen tanyşdylar.

«Artyk» gümrük nokadynda Eýranyň wekiliýeti döwrebap material we tehniki gory, rentgen enjamlaryny, ýük dezinfeksiýa terminallaryny we hyzmat ediji itler üçin otaglary öz içine alýan bölümiň infrastrukturasy bilen tanyş boldy. Eýranly myhmanlara Türkmenistanyň gümrük gullugynyň işleri barada habar berýän pars dilinde taýýarlanan wideolar hem görkezildi.

Özara bilelikdäki bähbitleri nazarda tutýan duşuşygyň mazmunynda gümrük maglumatlary alyşmak üçin ýakynda gol çekilen Tehniki şertleri durmuşa geçirmek, şonuň ýaly-da, hyzmatlaryň şertnama we hukuk esaslarynyň sanawy we geljekki işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin belli ugurlar kesgitlenildi.

Belläp geçsek, iki ýurduň gümrük ýolbaşçylarynyň bu duşuşygy 2022-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalary durmuşa geçirmek bilen baglylykda guralýar. Döwlet Baştutanymyzyň şol saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda gümrük ulgamy ýaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe resminamalara gol çekilipdi.


Soňky Täzelikler