Türkmenistan dünýäde ulag ýangyjy iň arzan ýurtlaryň sanawynda 7-nji orna geçdi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-06

29-njy awgustda «GlobalPetrolPrices» internet neşiriniň çap eden hasabatyna laýyklykda, Ýer ýüzünde ulag ýangyjynyň bahasy arzan ýurtlaryň sanawynda Türkmenistan 7-nji orunda diýlip görkezildi. Bu barada Salamnews.tm web saýty habar berýär.

Hasabatda Türkmenistanyň ulag ýangyjynyň bahasy arzan ýurtlaryň sanawynda 7-nji orna geçendigi görkezilýär. Şunuň bilen birlikde bolsa, Türkmenistanda oktanly A-95 benzininiň bahasy 0,428 dollara barabar diýlip beýan edilýär.

Ulag ýangyjynyň bahasy babatda mart aýynyň netijesine görä, Türkmenistan dünýäde benzini iň arzan bahaly ýurtlaryň sanawynda 10-njy orunda duran bolsa, geçen döwrüň içinde Siriýa, Gazagystan hem-de Nigeriýa ýurtlarynda benziniň bahasynyň ýokarlanmagy netijesinde 7-nji orna geçdi. 

Dünýäde ulag ýangyjy iň arzan ýurtlaryň sanawynda Türkmenistandan öňde Wenesuela, Liwiýa, Eýran, Alžir, Kuweýt we Angola ýurtlary durýar. Benziniň iň arzan ýeri bolan Wenesuelada ulag ýangyjynyň 1 litri 0,022 dollar bolsa, benziniň iň gymmat bahaly ýeri Gonkongda onuň 1 litri 2,98 dollardan satylýar. Benziniň dünýä bazaryndaky ortaça bahasy bolsa 1,36 dollara barabardyr.

Ýeri gelende dizel ýangyjynyň bahasynyň arzanlygy boýunça Türkmenistanyň dünýä sanawynda 9-njy orny eýeleýändigini bellemek gerek. Bellesek, Türkmenistanda dizel ýangyjynyň bahasy 0,385 dollar diýlip bellenilýär.


Soňky Täzelikler