Merkezi Aziýa — Ýewropa ýük gatnaw ulgamyna Türkmenistan netijeli gatnaşýar

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-07

Türkmenistan Merkezi Aziýa — Ýewropa halkara ýük gatnaw ulgamynda esasy geçirijileriň biri bolup, ýükleriň tiz daşalmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistandan mineral dökün ýüklenen 24 sany 20 futluk konteýneriň demir ýol arkaly Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna, ondan hem Baku portunyň üsti bilen Ýewropa iberilendigini bellemek bolar. Bu barada Azerbaýjanyň «Trend» habarlar agentligi «ADY Container» ulag-logistika kompaniýasyna salgylanyp habar berýär.

Özbegistandan ugur alan ýükler Baku portundan soň demir ýol ulaglaryna gaýtadan ýüklenip, Gruziýanyň Batumi portuna ugradyldy. Ol ýerden bolsa konteýnerler Rumyniýanyň Gara deňziň kenaryndaky Kostansa portuna ýetirildi.

Esasy ýük gatnaw menzilleriniň biri bolup hyzmat edýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty boýunça 2022-nji ýylyň ýanwaryndan sentýabr aýyna çenli 4 million tonna töweregi mukdarda ýük daşaldy. Mundan başga-da, Azerbaýjan — Özbegistan ýük gatnaw ugrunda Hazaryň türkmen kenaryndan 390 müň tonna töweregi ýük daşaldy.

Geljekde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygynyň mukdaryny ýylda 400 müň konteýnere (TEU) çenli artdyrmagyň nazarda tutulýandygyny nygtamak gerek.


Soňky Täzelikler