HHR Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ulagyň düzüm böleklerini ugratdy

Gazagystan demir ýollary gullugynyň (KTZ) habar berşi ýaly, Hytaýda öndürilen ulagyň düzüm bölekleri Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýol geçelgesi boýunça Eýrana ugradyldy.
Hytaýyň demirgazyk-gündogar çäginde ýerleşýän Jingan demir ýol menzilinden (Dalýan şäheri) 50 sany kyrk futluk konteýnerli otly düzümi awtoulag düzüm bölekleri ýüklenip, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ulag geçelgesi boýunça ugradyldy.
Konteýner ýükleri Gazagystanyň Altyn köl hem-de Bolaşak serhet geçelgelerinden geçip, türkmen-eýran serhedindäki Inçeburun portuna, ondan soňra bolsa ahyrky netijede Eýran Yslam Respublikasynyň Jolfa stansiýasyna çenli baryp ýeter.
«Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol gatnaw ugry ýükleri deňiz üsti bilen daşamakdan has ýakyn hem-de tiz bolýar. Ýükleri eltmegiň möhleti iki esse diýen ýaly gysgaldy. Gatnaw ugrunda ýükleriň kadaly daşalmagy olaryň ygtybarly ýetirilmegini kepillendirýär» – diýip, KTZ belläp geçýär.