Türkmenistana «Daşkent Agro Traktor» PJ-niň 270 sany traktor tirkegi gelip gowuşdy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-10

Türkmenistana Özbegistanyň «Daşkent Agro Traktor» paýdarlar jemgyýetiniň öndüren 270 sany täze traktor tirkegi gelip gowuşdy diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Özbegistanyň ýokary hil derejeli traktor tirkegleriniň getirilmegi bilen, olaryň 6-sy Lebap welaýatynyň pagta arassalaýjy kärhanalaryna paýlanyldy. Türkmenistanyň Ahal, Mary hem-de Daşoguz welaýatlarynyň pagta arassalaýjy kärhanalary hem şonça mukdarda tirkegler bilen üpjün ediler. Ýurduň Balkan welaýatynyň kärhanalaryna bolsa traktor tirkegleriniň 6-sy berler.

Bellesek, bu tirkegler ýurdumyzda eýýäm uzak ýyllar bäri giňden ulanylyp gelýär. Özbegistanyň traktor tirkeg önümleriniň tapawutly aýratynlygy olaryň ulanyşda berkligi, ygtybarlylygy hem-de agyr ýükleri götermäge hem-de daşamaga niýetlenendigi bolup durýar. Her bir tirkeg öz gezeginde 4,5 tonna ýüki daşamak üçin niýetlenendir. Olar, esasan-da, oba hojalyk hasyllaryny we beýleki zerurlyklary daşamakda, şonuň bilen birlikde hem pagta hasylyny ýükläp islendik ýerlere eltmekde ýerlikli çözgütdir.

Türkmenistan bilen «Daşkent Agro Traktor» paýdarlar jemgyýetiniň özara baglaşan şertnamasyna laýyklykda, şu ýylyň ahyryna çenli özbek hilli traktor tirkegleriniň ýene-de 730 sanysyny üpjün etmek meýilleşdirilýän işleriň hatarynda durýar.


Soňky Täzelikler