Halkara ýük gatnawlarynda daşary ýurtly sürüjilere Türkmenistanyň çäginden ýük daşamaga ygtyýar berildi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-09

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berlişine görä, 8-nji sentýabrdan ýük awtoulag serişdeleriniň sürüjisi bilen bilelikde halkara gatnawlarynda daşary ýurtly sürüjilere Türkmenistanyň çäginden geçmäge rugsat berildi. Onuň esasynda bolsa ilkinji nobatda ýük gatnawlary amala aşyrylanda bildirilýän talaplary doly ýerine ýetirmek möhümdir.

Täze rugsatnamada «Türkmenbaşy halkara deňiz porty» gözegçilik-geçiriş ýerinden türkmen awtoulag serişdeleriniň sürüjisi bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginden gitmeklerine we gelmeklerine, degişli gözegçilik-geçiriş ýerinden daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmeklerine ygtyýar berilýär.

Bulardan başga-da, daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň sürüjileri bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän «Türkmenbaşy halkara deňiz porty», «Altyn asyr», «Artyk», «Sarahs» we «Farap» gözegçilik-geçiriş ýerlerinden Türkmenistanyň çägine girip, bu ýerlerdäki ilkinji demir ýol howlularyna ýa-da stansiýalaryna we Türkmenbaşy halkara deňiz portuna çenli gelip ýükleri tabşyrmaklaryna we alyp gitmeklerine hem rugsat bermek nazarda tutulýar.


Soňky Täzelikler