Paýtagtymyzda baýramçylyga bagyşlanyp ykdysady özgertmeleriň sergisi geçiriler

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-12

2022-nji ýylyň 20-21-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan häzirki zaman özgertmeleriniň sergisi geçiriler. Bu habary «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri beýan edýär.

Bu sergi Aşgabatda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guralar.  Her ýyl bolşy ýaly, ykdysady üstünlikleriň görkezilmegi bilen iki günläp dowam etjek däbe öwrülen sergide döwlete degişli düzümleriň önümleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň hususyýetçilik pudagynyň durmuşa geçirýän täzelikleri hem sergä gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetiriler.

Ýatlatsak, sergide daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen işjeň hyzmatdaşlyk esasynda döredilen ýokary hilli önümler hem-de jemgyýetiň gündelik peýdalanýan hyzmatlary hem tanyş ediler.

Soňky Täzelikler