Belarusly hünärmenleriň öndüren ilkinji elektroulagy köpçülige tanyşdyryldy

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-11

Belarusly awtoulag işläp taýýarlaýjy hünärmenler özleriniň tejribede ilkinji gezek döreden elektrik kuwwatda hereket edýän sport awtoulagyny köpçülige tanyş etdiler. Bu barada rg.ru saýtynda habar berilýär.

Belarusyň Milli Ylymlar akademiýasynyň birleşen mehaniki inženerçilik institutynyň ýolbaşçysy Aleksandr Belewiçiň belleýşi ýaly, elektrik awtoulagynyň agram mukdary 1 tonnadan gowrak bolup, onuň elektrik düzüm esasy dolulygyna belarusly awtoulag hünärmenleri tarapyndan düzülendir.

Ilkinji belarus elektroulagy barada aýdylanda, onuň birbada iň ýokary tizlige ýetmesiniň häzirlikçe 6 sekunda deň bolup durýandygyny, ýakyn geljekde bolsa hünärmenleriň bu wagt aralygyny 2 sekunda çenli gysgaltmagy meýilleşdirýändigini bellemek zerur. 

Awtoulagyň taslamasynyň taýýarlanylmagynyň maksady komponent gorunyň düzüm böleklerini barlagdan geçirmek hem-de awtokomponent gorunyň nusgalyklaryny ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Belläp geçsek, ulagy işläp taýýarlaýjylar ilkinji belarus sport elektrik awtoulagynyň sagatda 120 kilometr tizlige ýetip biljekdigini bellemek bilen, onuň takmynan 200 km-e çenli ýetip biljekdigini çaklaýarlar.


Soňky Täzelikler