«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk wagyz-nesihat çäreleri bilen dowam edýär

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-13

Bu günki günlerde Türkmenistan Diýarymyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň kadalaryny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» biraýlygyň çäklerinde wagyz-nesihat çäreleri dowam etdirilýär.

Biraýlyk çäreleriň çäklerinde ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlar geçirilýär. Aýratyn-da, bu ugurda ýurdumyzyň ähli çagalar baglarynda hem-de orta mekdeplerinde ýol kadalaryny has dogry düşündirýän duşuşyklardyr amaly sapaklar, wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Ýol hereketiniň düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegi baş maksat hökmünde kesgitlenilýän biraýlygyň geçirilmeginde 2022-nji ýylyň maý aýynda kabul edilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakyndaky» we Türkmenistanyň «Administratiw düzgün bozmalar hakynda Türkmenistanyň Kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan ugur alynýar.

Bellesek, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga 2015-nji ýylda badalga berlen wagtyndan bäri ol her ýylda ýokary derejedäki çäreler bilen utgaşdyrylýar.


Soňky Täzelikler