Daşogzuň welaýat merkezinde gurulýan ýolagçy awtoulag terminaly ýakyn geljekde ulanylmaga berler

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-14

Welaýatyň merkezi bolan Daşoguz şäherinde gurluşygy depginli dowam etdirilýän täze ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşyk işleri ahyrky tapgyra gadam basdy diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri belläp geçýär.

«Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurulýan täze taslamanyň düzümine degişli bolan esasy binanyň we dürli maksatly beýleki desgalaryň gurluşygy häzirki wagtda dolulygyna ahyrlandy. Şu günki günlerde bu ýerde içerki bezeg işleri alnyp barylýar we daş-töweregi abadanlaşdyrmak işleri geçirilip, giriş ýollary asfaltlanýar.

Daşogzuň merkezi şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän täze terminal 3 gektar meýdany eýeleýär. Desganyň gurluş aýratynlygy häzirki zaman ülňülerine doly kybap gelmek bilen, häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilendir. 

Bu ýerde mundan başga-da ýolagçylar üçin garaşylýan ýer, awtobuslar we taksiler üçin duralgalar, ýolagçy ulaglarynyň ähli görnüşlerine bilet satmak üçin kassalar, maglumat beriş ýeri, goşlar bölümi, awtobuslar we beýleki awtoulaglar üçin ýuwmak hyzmatynyň merkezi döredilip, ulanylmaga tabşyrylar.


Soňky Täzelikler