Döwlet Baştutanymyz halkara ulag geçelgesi babatda dörttaraplaýyn şertnama baglaşmak teklibini beýan etdi

hope-Blog
Täzelikler - 2022-09-17

2022-nji ýylyň 15-16-njy sentýabry aralygynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Prezidenti Si Szinpin bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Türkmen-hytaý ikitaraplaýyn duşuşygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara ulag geçelgesi boýunça konteýner gatnawlaryny amala aşyrmak babatda ýakyn geljekde dörttaraplaýyn şertnamany baglaşmagyň ýerlikli boljakdygy baradaky teklibini beýan etdi. Bu babatda neşiriň sahypalarynda «Hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugurlarynyň arasynda ulag-logistika pudagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nukdaýnazardan Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol gatnawynyň täze ugur hökmünde geljegi uly diýlip kesgitlenilýär. Bellenilişi ýaly, bu ulag geçelgesiniň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin konteýner daşamalary babatda dörttaraplaýyn şertnama baglaşmak maslahat berilýär» diýlip bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran täze demir ýol geçelgesi 2014-nji ýylyň dekabrynda işe girizildi. Bu ulag geçelgesi Hytaýdan Eýrana çenli aralygy 500 km gysgaltmaga mümkinçilik berýär.


Soňky Täzelikler